1954-nji ýylyň 21-nji apreli we 14-nji maýy aralygynda Niderlandlaryň Gaaga şäherinde ÝUNESKO-nyň baştutanlygynda halkara maslahat geçirildi. Bu maslahatda dünýä jemgyýetçiligi Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykan ýagdaýynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýany kabul etdiler. Bu halkara resminama Russiýa patyşalygynyň başlangyjy bilen 1907-nji ýylda kabul edilen «Gury ýerde söweşmegiň kanunlary» we «Gümrük konwensiýasynyň» dowamy bolup durýar. Konwensiýa harby hereketler bolan ýagdaýynda medeni gymmatlyklaryň goralmagyny kepillendirýär. Medeni gymmatlyklaryň hataryna binagärçilik we arheologik ýadygärlikleri, kitaphanalar, muzeýler, arhiwler, sungat eserleri, gozgalmaýan medeni emläkler girýär. 1996-njy ýylda Konwensiýanyň ýörelgelerini we borçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Halkara Mawy Galkan Komitetiniň düýbi tutuldy. Komitetiň düzümine Halkara arhiwler Geňeşi, Taryhy ýerleri we ýadygärlikleri goramak boýunça halkara Geňeşi, Halkara kitaphanalaryň assosiasiýasy girýär. Şeýle-de konwensiýanyň öňde goýan maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça jogapkär Sekretariaty Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara federasiýalary bilen halkara ynsanperwer hukugy we onuň kadalary babatynda bilelikde seminarlary, okuw sapaklaryny, maslahatlar geçirmek arkaly işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.
Şu ýylyň 14-nji maýynda Gaaga konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli Niderlandlarda dabaraly çäre geçirildi. ÝUNESKO-nyň Baş Sekretary Odri Azule şol duşuşykdaky çykyşynda «Bu Konwensiýa halkara hukugyň ýörelgelerine eýermek bilen, harbylaryň we medeniýet bilermenleriniň arasynda gepleşikleri ýola goýup dünýäniň ähli sebitlerinde öňüni alyş çäreleri geçirmek boýunça üstünlikli netijeler gazandy» diýip, nygtady.
ÝUNESKO bu konwensiýanyň çäginde harby çaknyşyklar sebäpli medeni ýadygärliklerine zeper ýeten döwletlere maliýe kömegini berýär, bu ýerlerde gaýtadan dikeldiş işlerini geçirýär hem-de gorag astyndaky medeni gymmatlyklaryň sanawy alyp barýar. Häzirki wagtda bu sanawa dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän 55 sany medeni obýektler girýär.
2017-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi «Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykanda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Gaaga Konwensiýasy we oňa 1954-njy we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda» Karar kabul etdi. Konwensiýada gozgalýan we gozgalmaýan medeni obýektleri goramak boýunça çäreler toplumy bar. Konwensiýanyň 4-nji maddasynda we 1999-njy ýyldaky onuň ikinji teswirnamasynyň 6-njy maddasynda oňa gatnaşyjy döwletleriň medeni mirasa sarpa goýmaga we şol gymmatlyklara garşy duşmançylykly hereketlerden saklanmaga borçlanýandyklary baradaky düzgüne görä agza döwlet olary durmuşa geçirmek, şol sanda medeni gymmatlyklary goramak babatda borçlanýar.
ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda», «Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda» Konwensiýalaryna we «Edebi we çeper eserleri goramak hakynda» Bern konwensiýasyna gatnaşyjy döwlet hökmünde Türkmenistanyň Milli kanunçylygyna bu halkara resminamalaryň düzgünleri ornaşdyryldy. Oňa laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda medeni gymmatlyklary goramaga gönükdirilen «Medeniýet hakynda» (2010 ý.), «Milli taryhy-medeni mirasy goramak hakynda» (2012 ý.), «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» (2016 ý.), «Halk çeper döredijiligi. Hakynda» (2016 ý.), «Kitaphana we kitaphana işi hakynda» (2017 ý.), «Muzeýler we muzeý işi hakynda» (2017 ý.) kanunlar kabul edilip, ýurdumyzyň bu ugurdaky milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda hasaba alnan taryhy, medeni we milli ýadygärlikleriň goralmagyny üpjün etmek, olary öwrenmek we wagyz etmek, dikeldiş işlerini geçirmek, entek mälim bolmadyk ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň goralmagyny üpjün etmek babatda uly ösüş gazanyldy. Türkmen bilermenleri öz işinde ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň käbir maksatnamalaýyn resminamalarynda bellige alnan, umumy kabul edilen kadalara we ýörelgelere kybap gelýän işleri ýöretmegiň usullaryny peýdalanýarlar. Bu işler taryhy desgalaryň asyrlaryň dowamynda başyndan geçiren ýitgilere we bejergilere garamazdan, häzirki ýagdaýynda bellige alynmagyny we olaryň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, taryhy-medeni we milli ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenmek boýunça köpugurly işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi ÝUNESKO-nyň maksatlaryna doly kybap gelýän halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
MARAL KARLYÝEWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň
milli toparynyň Sekretariatynda önümçilik
tejribeligini geçýän Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby.