Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň “Daşoguz habarlary” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden “Magtymguly Pyragy – şygryýetiň ussady” atly döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi hem-de onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen çärä bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaş mugallymlar hem-de Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen çärä welaýatdaky döredijiligiň ýaş wekilleri ýokary işjeňlikde gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, Boldumsaz etrabynyň 69-njy orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Mähri Saparmedowa 1-nji orna, Akdepe we Görogly etraplarynyň ýaşaýjylary Söhbet Orazmuhammedow, Ogulnabat Söýünowa dagylar 2-nji orna, Görogly etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň mugallymy Patma Allabaýewa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1002 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Myrat Ezizow hem-de Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Süleýman Tekäýew dagylar 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şeýle-de, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Gurbanjemal Abdyýewa, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Daýanç Tagyşow, Akdepe etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýgül Hudaýbergenowa dagylar höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.