Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arasynda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni giňden ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalaryndan ugur alyp, «Sport – saglyk, saglyk – baýlyk» ady bilen, sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Onda «Bagtyýar» hem-de «Güneş» toparlary özara bäsleşdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde «Güneş» topary 1-nji orna, «Bagtyýar» topary 2-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa işjeň gatnaşanlara onuň guramaçy guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.