«BAGTYÝAR NESILDE» EL IŞLERINIŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly el işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirdi. Onda «Güneş» hem-de «Bägül» toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzlar milli el işlerimizi taýýarlamakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde «Güneş» gyzlar topary ýeňiji bolup, toparyň wekillerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar