Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurduň geljegi bolan ýaşlarymyzyň sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz aladalar edilýär. Bilim ojaklarymyzyň häzirki zaman okuw enjamlary, bedenterbiýe sapaklaryny döwrebap guramaga zerur bolan mümkinçilikleri we beýleki möhüm şertler bilen üpjün edilmegi bu ugurdan ýokary netijeleriň gazanylmagyna badalga berýär. Elbetde, ýaş nesil barada edilýän aladalaryň çäginde olaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň netijeli guralmagy hem möhüm wezipe bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn söýgi, mähir bilen garaýan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň gözel künjeklerinde döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem bu belent wezipäni ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu möwsüm mekdep okuwçylary üçin has hem gyzykly döwürleriň biridir. Çünki, tomus paslynda dynç alyp, gezelençleri guramak çagalar üçin has-da ýakymly.
Biziň welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde mekdep okuwçylarynyň ençemesi dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Dynç alyş merkezlerinde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dürli çärelerdir bäsleşikler, gurnaklar guralýar. Dürli ugurlar boýunça guralýan gyzykly çäreler olaryň wagtlaryny netijeli geçirmeklerine, saglyklaryny berkitmeklerine uly ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň, körpejelerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda tutýan döwletli tutumlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Parahat SABIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.