Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, ýaşlaryň şöhratly taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza, medeni ýadygärliklerimize bolan buýsançlaryny artdyrmak, olar barada giňişleýin düşünje bermek maksady bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Yzmykşir galasyna gezelenç çäresini gurady. «Şöhratly geçmişi bardyr türkmeniň» ady bilen guralan çärä Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Gezelenç çäresinde etrabyň 46-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy Nurmyrat Aramedow oňa gatnaşyjylara Yzmykşir galasy barada gyzykly maglumatlary, galanyň gülläp ösen döwri, şol döwürlerde ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şeýle hem bu ýerde ýaşap geçen şahyr, dünýä medeniýetine uly goşant goşan belli alym Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligi barada gyzykly gürrüňler berdi. Bu çäre oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Gezelenje gatnaşanlar ata-babalarymyzyň geçmişdäki ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenip, olaryň soňky nesiller üçin görelde alarlyk beýik işler bilen geçmiş taryhymyzda uly yz galdyrandyklaryna ýene bir gez göz ýetirdiler.
Gezelenç çäresine gatnaşyjylar taryhy gymmatlyklarymyza we milli mirasymyza belent sarpa goýup, geljekki nesillerimize wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.