Ýaňy-ýakynda şeýle sport şygary astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä hem-de sporta çekmek maksady bilen, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.
Küşt boýunça bäsleşikde 1-nji orna Sähra Berdiýewa, 2-nji orna Aknur Ýagmyrowa, 3-nji orna Gülnur Abdullaýewa dagylar, şaşka boýunça bäsleşikde 1-nji orna Irada Zakirowa, 2-nji orna Anna Iwanowa, 3-nji orna Aýzada Illiýewa dagylar mynasyp boldular. Tanap çekmek bäsleşiginde «Ruhubelent» hem-de «Zehin» toparlary özara bäsleşip, «Ruhubelent» topary ýeňiş gazandy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa işjeň gatnaşanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Sabyrgeldi BEGOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy,
Daşoguz şäher halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary.