SPORT – SAGDYNLYGA BADALGA

     Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bagtyýar çagajyklaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan meýilnamalaýyn esasda dürli görnüşli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.

     Şolaryň biri hem şeýle sport şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikdir. Onda «Şadyýan» we «Begenç» toparlary özara ýaryşdylar. Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde «Şadyýan» topary ýeňiji bolup, olara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Şamyrat NAZAROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar