MAGTYMGULY PYRAGY – ÝAŞLARYŇ YLHAM ÇYRAGY

     Ýaňy-ýakynda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly  Pyragy” ýyly, şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Onuň dowamyndaky çykyşlaryň özenini ata-babalarymyzdan miras galan paýhas hazynasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň aýratyndygy, şahyryň pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen, ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk ýoluny kemala getirendigi, akyldaryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewleriň çuň mazmunlylygy we köpdürliligi babatda tapawutlanýandygy, Pyragynyň ömri-döredijiligi, dünýä ýüzünde öwrenilişi, bu ýylda döwlet, halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreler dogrusyndaky giňişleýin, buýsançly we täsirli gürrüňler düzdi.

 

Mergen ÖWEZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar