PYRAGYNYŇ DANA SÖZLERI DILLERDE DESSAN BOLUP ÝAŇLANÝAR

     Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet merkezinde Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň, aýdym-saz sungatyna höwesjeň ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara özboluşly şatlyk-şowhuna beslendi. Onda çykyş edenler türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde adamlaryň ruhy dünýäsine, aňyna baky yşyk bolup ornaşandygyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Pyragy ýaly beýik söz ussatlarynyň döredijiligini içgin öwrenmäge giň ýoluň açylandygyny, Magtymgulynyň eserleriniň türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, edep-ekramyny, ahlak düşünjelerini özünde jemleýändigini, akyldar şahyryň arzuwlan zamanasynda ýaşamagyň, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmagyň egsilmez bagtdygyny buýsançly bellediler. Dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.

     Dabara gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Ýeňişmyrat NEPESOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar