Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher hem-de Görogly etrap Geňeşleri Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi, Daşoguz şäher medeniýet merkezi, Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, “Ak ýollarda ak geljege dowamatdyr, dowamdyr//Medeniýetim, sungatym ak ýollara rowandyr” atly şygar astynda Daşoguz şäheriniň “Maral” toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Dabarada Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlarynyň hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň medeniýet-sungat ussatlarynyň taýýarlan bagtyýar halkymyzy, eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, owadan ýaşlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary baýramçylyk çäresine özboluşly bezeg berdi. Dabara gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Meýlis ATAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.