ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝAŞLARA ÝOL-ÝÖRELGE

     Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, kitap sergisini geçirdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara nusgalyk ýol-ýörelge hem-de şamçyrag bolup durýan eserleri sergilendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ýaşlary ruhlandyryjy, ajaýyp eserinden bölekler okaldy. Sergä gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar