ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

     Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, Görogly şäherindäki “Nur” söwda we dynç alyş merkezinde gezelenç çäresini gurady. Oňa etrabymyzyň çagalar bagyna gatnaýan körpeleri uly höwes bilen gatnaşdylar. Çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň wagtlaryny ýatda galyjy pursatlara, şadyýanlyga beslemek maksady bilen geçirilen çärede etrabyň merkezi kitaphanasynyň çagalar bölüminiň kitaphanaçysy Selbi Baýryýewa körpe nesillere birnäçe ertekileri okap berip, olara haýwanjyklaryň üsti bilen öwüt-ündew nesihatlaryny berdi. Gezelenç çäre turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenip, çagajyklar hem özleriniň bilýän ertekilerini aýdyp, dürli görnüşli haýwanjyklaryň eşiklerini geýip, ertekilerden taýýarlanan sahna oýunlaryny oýnap, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler.

     Şeýle ajaýyp zamanany, bagtyýar çagalygy peşgeş beren, nurana geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesliň bagtly durmuşda ýaşamagy, sowat, bilim almagy, wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin şertdir mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin !

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar