Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamaklary, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Körpeleriň tomusky dynç alyş günlerinde wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli dynç alyş merkezlerinde sport bäsleşikleri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle şowhuny bäsleşikleriň biri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirildi. Sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde çagalar öz başarjaňlygyny görkezdiler we ýeňiji bolanlara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, şeýle hem ýaş nesillerimiz barada edýän aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.
Akmuhammet NAZAROW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.