GYZGALAŇLY GEÇEN BÄSLEŞIK

     Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin ýörite meýilnamalar esasynda aýdym-sazly konsertler, sport ýaryşlary, dürli medeni çäreler yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri, ýakynda «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilip, onda şol merkezde dynç alýan çagalar özleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny görkezdiler. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda şaşka oýny boýunça birinjiligi almak ugrunda toparlaýyn ýaryş geçrildi. Bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda bolup, ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT