TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

     Belent ösüşlere beslenýän taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan bu ajaýyp ýylymyzyň şatlykly wakalary mähriban halkymyzy buýsandyrýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri-de, ýakynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asmandaky ýyldyzlaryň biriniň «Arkadag» diýip atlandyrylmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan welaýat kitaphanasynyň obserwatoriýa otagynda ýaşlaryň gatnaşmagynda «Arkadag» ýyldyzynyň ähmiýeti barada maslahat duşuşygy geçirildi. Ol ýerde ýyldyzlara syn edilýän teleskop otagynda hem asman jisimleri barada täsirli gürrüňler aýdyldy we asman jisimlerine syn edildi.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 0 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT BÄSLEŞIGI

09 Iýul 2025 | 1 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER