Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň, Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe Geňeşliginiň mejlisler jaýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatyny wagyz etmek, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeklerini, ata Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti barada giňişleýin belläp, ýaşlaryň bilimli, giň gözýetimli, ýokary okuw mekdeplerine girip öz saýlap alan käriniň hakyky eýesi bolup, kämil şahsyýet bolup ýetişmeklerini arzuwlap, şeýle hem Döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly okap, ýurdumyzda alan bilimlerini has-da ösdürmek maksady bilen daşary ýurtlara gidýän türkmen ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny ündäp we hökmany ýagdaýda daşary ýurtlara gitmezden öň migrasiýa gullugyna ýüz tutup, bilim aljak okuw mekdebi, ýaşajak ýeri barada degişli maglumatlary almagy maslahat berdiler. Çykyşlaryň her birinde eşretli, parahat durmuşymyzyň we asuda ýaşaýşymyzyň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuwladylar.
Sähragül ATABAÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.