Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýylyň-ýylyna gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Daýhanlarymyzyň yhlasy bilen oba hojalyk önümleriniň öndürilişi artyp, bazarlarymyzda bolçulyk höküm sürýär, saçaklarymyz dürli ir-iýmişler, naz-nygmatlar bilen bezelýär. Bu bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda barha galkynýan Watanymyzyň abadançylygynyň, berkararlygynyň, azyk bolçulygynyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda şeýle giň gerim bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler edermen daýhanlarymyzyň mukaddes topraga yhlasyny, işe bolan höwesini, hyjuwyny has-da artdyrýar. Sebäbi toprakdan bol we ýokary hilli hasyl alyp, Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak arkaly öz halal zähmetiň bilen baýamaga, bolelin durmuşda ýaşamaga döwrebap şertleriň, giň mümkinçilikleriň bardygyny olar her ädimde duýýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza daýhanlaryň alkyşlary çäksizdir.
Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.