«BAGTYÝARLYK MEKANY – AWAZA»

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň guramagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Jadyly kenar» seýilgähiniň daşky meýdançasynda, deňiziň kenarynda sport bäsleşikleri geçirildi. Çärede çagalar birnäçe şertler boýunça ýaryşyp öz ukyp başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny görkezdiler. Ýeňiji bolan, işjeň gatnaşan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Bägül BOÝALYÝEWA,

TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT