ÇAGA GÜLKÜSI – DÜNÝÄ BEZEGI

     Häzirki günlerde ýurdumyzda çagalaryň şadyýan gülküsine, güneş şuglaly bagtyýarlyga eýlenen tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesinde, welaýatlarymyzda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bagtyýar çagalaryň gülki seslerine beslenýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan ýokary derejeli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpeje raýatlarymyzyň müňlerçesi döwrebap dynç alyp, öz saglyklaryny berkidip, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Olaryň arasynda sport ýaryşlary hem yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi. Körpeleriň wagtlaryny has-da gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak, şeýle hem sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirilen çärede çagalar sportuň küşt, şaşka görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR