Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesilleriň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 3-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Sagdyn nesil – bagtyýar gelejek» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Ýaryşyň dowamynda çagalar özleriniň sporta bolan höweslerini doly açyp görkezmek bilen, dürli şertleri ýerine ýetirdiler. Ýeňiji bolan toparlar TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.