Otuň baldajyklarynda kiçijik mör-möjejikler ýaşaýar eken. Olaryň ululary kiçilerine pent berermişler:
— Ho-ol ýatan gaplaňy görýärsiňizmi? Ol jandarlaryň içinde iň bir ýagşylarynyň biridir. Ol hiç haçan bize ýamanlyk eden däldir. Ine, ýöne goýun welin, eýmenç ýyrtyjydyr: ol bu ýere geläýdigi, bizi mesgen tutunan otumyz bilen bilelikde lak-luk atyp gider. Emma gaplaň diňe bir ýagşy jandar bolman, eýsem, adalatlydyr hem — haçan hem bolsa, ol biziň arymyzy alyp berer.
Terjime eden:
Orazmyrat MYRADOW.