KEBELEGIŇ SAPAGY

     Günlerde bir gün pilede yş döräpdir. Bir ötegçiniň tötänden muňa gözi kaklyşypdyr-da, kebelejigiň bu deşijekden çykjak bolup çytraşyşyny uzak wagtlap synlap durupdyr. Esli salymdan soň kebelejik bu synanyşygyny bes eden ýaly bolupdyr, piledäki yş hem öňküsinden ulalmandyr. Göräýmäge, kebelejik güýjünde baryny edip, mundan artyk yhlas etmäge gurbaty galmadyk ýalymyşyn.

     Şonda ol adam kebelejige kömek etmegi ýüregine düwüpdir-de, çakgysyny alyp, seresaplyk bilen piledäki deşigi giňeldipdir. Kebelek şol bada pileden çykypdyr. Emma onuň süňňi gowşajyk, ysgynsyzja eken, ganatjyklary bolsa ýukajyk bolup, zoraýakdan gymyldaýan eken.

     Adam «Kebelejik, haý diýmän, gurba gelen ganatlaryny ýaýar-da, uçar gider» diýen umyt bilen synlamagyny dowam edipdir. Emma onuň tamasy çykmandyr.

     Kebelejik galan ömrüne ysgynsyzja bedenini, ýaýylmadyk ganatlaryny süýräp geçirmeli bolupdyr. Ganat ýaýyp uçmak oňa nesip etmändir.

     Bu zatlaryň barysy hem adamyň oňa kömek etmek islänligi, piledäki yşjagazdan çykmak üçin sarp edýän güýjüniň kebelejigiň uçup bilmegi üçin bedenindäki suwuklygyň ganatlara geçip, olary gurplandyrýanlygyna düşünmänligi üçindir. Kebelejigiň ösmegi, kämilleşmegi üçin durmuş ony güýç sarp edip bu perdeden çykmaga mejbur edýär.

     Käte bize durmuşda güýç sarp etmek, yhlas etmek zerur. Eger-de bize kynçylyklar bilen gabatlaşman ýaşamak rugsat edilen bolanlygynda, biziňki ugruna bolmazdy. Biz güýçli hem bolup bilmezdik, hiç haçan uçmagy hem başarmazdyk.

     Men güýç soradym... Durmuş bolsa meni güýçli etmek üçin kynçylyklary berdi.

     Paýhas soradym... Durmuş bolsa maňa çözmek üçin meseleleri berdi.

     Baýlyk soradym... Durmuş bolsa işläp bilmegim üçin maňa beýni hem çykyn-çykyn bolup duran gujurly gollary berdi.

     Uçmak üçin mümkinçilik soradym... Durmuş bolsa maňa ýeňip geçip bilerim ýaly päsgelçilikleri berdi.

     Söýgi soradym... Durmuş bolsa maňa kyn günlerinde kömek edip bilerim ýaly adamlary berdi.

     Men ähli gowulyklary soradym... Durmuş bolsa maňa mümkinçilikleri berdi.

     Men soran zatlarymyň hiç birini almadym. Emma özüme zerur bolan zatlaryň baryna eýe boldum.

Terjime eden:

Orazmyrat MYRADOW.

 

Indiki makala

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2024 | 244 okalan

OGUZ HAN WE OGUZ NAMALARY