Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan söhbetdeşligi TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýnagözel Annamyradowa alyp bardy hem-de ýurdumyzda beýik söz sungaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň barşynda täsirli çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň barha belende galýandygyny, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan şanly ýylymyzyň taryhy wakalara beslenýändigini guwanç bilen bellediler hem-de dana atamyzyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti hakda gürrüň etdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar berkararlyk arzuwyny ýürek aýdymyna öwren Magtymgyly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyn, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.