«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ AHAL WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

     Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki toý meýdançasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilmegi däbe öwrülen telebäsleşigiň nobatdaky tapgyryna onuň etrap tapgyrlarynda üstün çykan höwesjeň aýdymçylar gatnaşdy.

     Höwesjeň aýdymçylar gezekli-gezegine sahna çykyp, belent ruha beslenen joşgunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetirilen türkmen halk we estrada aýdymlary ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmaga ajaýyp mümkinçilikleri döretdi. Watan, beýik döwrümiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz, eşretli durmuş, ýaşlyk we söýgi hakdaky joşgunly aýdymlar göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi.

     Bäsleşigiň emin agzalary ýaşlaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeň aýdymçysy Aýnur Gurbanmyradowa, welaýatyň ýaşaýjysy, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Gurbansoltan Annalyýewa ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

 

Maýsa MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA