Türkmenistanda köpugurly döwlet syýasaty üstünliklere beslenýär. Onuň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işler, biri-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalar ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini esasy maksat hökmünde kesgitläp, durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirýär.
19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler hem öňde goýlan wezipeleriň, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Mejlisde Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk hakynda Kanunlara girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar we kabul edilen kanunçylyk namalary barada aýdyldy. Olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilendigini bellemek gerek. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyna, ugurdaş ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem deputatlaryň BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy. Mejlisiň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin iş saparynda boldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady we degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi tassyklanyldy. Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň çäklerinde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda anyk ädimler ädildi. Munuň özi ýurdumyza senagat eýeçiligi pudagynyň halkara patent ulgamyna goşulmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistan bu ugurda halkara şertnamalaryň 15-sine goşulyp, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy we Ýewraziýa Patent Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Mejlisde “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, hususan-da, suwuklandyrylan gazy saklamagyň we ýükläp ibermegiň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy saklaýan, ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmekde möhüm bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda bu zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşiniň öndürilýändigini we olaryň içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýandygyny bellemek gerek. TNGIZT-niň durkunyň täzelenilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň dörtden biri bu toplumyň paýyna düşýär.
Oba hojalygy düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmelidir hem-de döwletiň we daýhanyň girdeji miwesi bolmalydyr. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrýan özgertmeleriniň baş maksadydyr. Milli oba hojalyk pudagynyň häzirki zaman nusgasy, ilkinji nobatda, ony mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ähli meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmekden ybaratdyr. Ýerden netijeli peýdalanmak, önümçilik-ykdysady gatnaşyklary, daýhanlaryň zähmet we ýaşaýyş-durmuş şertleri babatda meseleler milli ykdysadyýetimiziň bu öňdebaryjy pudagynyň öňünde durýan wezipeleri nazara almak bilen çözülmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda ýurdumyzyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karara gol çekendigini bellemek gerek. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Aragatnaşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly täze, iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we tapgyrlaýyn esasda birnäçe programmalaryň işe girizilendigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde bu taslamany ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzda ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek babatda täze wezipeleri öňde goýýandygyny bellemek gerek. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze görnüşlerini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda ugurdaş edara-kärhanalary döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluş, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň milli medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek medeniýet edaralarynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Mejlisde ýurdumyzda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berildi. Bu çäräni hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň noýabrynda guramak meýilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň ýokary derejede guralýandygyny belläp, «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyny şu ýylyň 4-5-nji noýabrynda geçirmek baradaky teklibi goldady we bu döredijilik forumyny ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak boýunça kesgitlän möhüm wezipeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini bellemek ýerlikli bolar. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri üçin niýetlenendir.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýygyndy toparyny 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasyny geçirmek babatda teklibi goldap, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Halkara Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşýan Türkmenistan sporty parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine gönükdirmek ugrunda çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň beýik maksatlaryny goldamak, ýokary derejeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek we wagyz etmek, ýurdumyzda döwrebap sport düzümini döretmek boýunça alnyp barylýan işler beden taýdan berk ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde möhüm binýat bolup çykyş edýär. Sportuň Olimpiýa görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, türgenleriň, tälimçileriň, sport hünärmenleriniň taýýarlanylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.
Türkmen türgenleri Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygy boýunça sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika, suwda ýüzmek boýunça XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar. Watandaşlarymyz Olimpiýa oýunlarynda özleriniň maksada okgunlylygyny görkezerler. Olardan ajaýyp ýeňişlere garaşylýar. Şeýle ýeňişlere ýurdumyzda sportyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hemişe ýokary baha berilýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG we beýleki abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar, energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça ýakyn gatnaşyklar ýola goýulýar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamany taýýarlamak meselesi barada hasabat berildi. Şeýle-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine gaýtadan dikeldilýän energetika babatda ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz teklibi makullap, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ýurdumyzda Gün hem-de ýel energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertler bar. Döwletimiz bu ugurda halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Nygtalyşy ýaly, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Häzirki wagtda hyzmatdaşlyk 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy.
Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewden ynanç hatyny kabul etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendikleri, onuň häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygy bellenildi. Abraýly halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Söwda-ykdysady, energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlar geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 25 — 27-nji iýunynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi, 4-nji iýulda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana şäherine saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Hoşniýetli dostlarymyz, ygtybarly hyzmatdaşlarymyz ösüş hem-de döredijilik ýoluny saýlap alan ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine ýokary baha berýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişden gelen hatlar munuň aýdyň mysalydyr. Hatlarda Baş sekretaryň paýtagtymyza amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.
Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak, diplomatiýa medeniýetini ilerletmek boýunça başlangyçlarynyň ýokary baha mynasypdygyny belläp, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada, onuň çäklerinden daşarda ulag we energetika aragatnaşygyny giňeltmek, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tekliplerini goldaýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň atmosfera zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy maksat edinýändigi-de aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynda Türkmenistanyň ornunyň aýratyn möhümdigi we sebit durnuklylygyna ýardam bermekde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. “Saparym mahalynda “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanmak hormatyna mynasyp boldum. Bu abraýly sylag biziň çuňňur gatnaşyklarymyzy we gymmatlyklarymyzy alamatlandyrýar. Ol meni mundan beýläk-de Magtymguly Pyragynyň adamlaryň, tebigatyň sazlaşygy baradaky ýörelgelerine ymtylmaga ruhlandyrýar” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş hatynda nygtaýar.
Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 15-nji iýuldan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň başlanandygyny bellemek gerek.
Ýokary bilimli, ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagatlaşdyrylmagy netijesinde öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply, ýokary hünär derejeli işgärlere bolan isleg barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärlere dürli ugurlar boýunça bilim almagy hödürleýär. Şunda bu ugurlaryň üsti yzygiderli ýetirilýär, täze-täze hünärler açylýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli işgärlere bolan isleglerini hasaba almak bilen, orta hünär okuw mekdeplerinde-de hünär ugurlarynyň sany artdyrylýar. Türkmenistanda ýokary bilimli, kämil ahlakly, özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, işjeň hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde intellektual we tehnologik bäsdeşligiň döwründe bilim döwletimiziň döwrüň talabyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edip biljek kesgitleýji şert bolup durýar.
Geçen hepdede paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikler, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, ýurdumyzda özgertmeleriň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmek, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi depginli ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy gülläp ösýän döwlete öwürmek, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
tdh.gov.tm
23.07.2024ý.