HYDYR GÖREN BEDEW

     Ylym-bilimde, takwalykda ady uzaklara ýaýran Abdylla ibn Mübärek Merwezi dor atyny depip, duşmana garşy söweşip ýörkä, birdenkä aty büdräp ýykylypdyr. Ol näderini bilmän aljyrapdyr. Töweregine garanjaklapdyr. Birdenkä alnynda jowur ak sakally bir adam peýda bolup: «Sen ýene-de şu atyň bilen söweşe galkmak isleýärmiň?» diýip sorapdyr. Abdylla ibn Mübärek Merwezi «Elbetde» diýip jogap beripdir. Ak sakally adam başyndan sagrysyna çenli aty birlaý sypalap goýberipdir welin, ol tarsa aýak üstüne galypdyr. Abdylla hezretleri haýal etmän jeňe girişipdir. Duşmanlaryny tary-mar edip, ýeňiş şemaly ýüzüni ýelpände, ýaňky ýaşulynyň hem özleri bilen şol meýdanda söweşip ýörendigini görüpdir. Abdylla hezretleri «Ýaşuly, meniň atymy bejeren siz dälmi? Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorapdyr. Ak sakally, perişde pisint ýaşuly oňa özüniň Hydyr atadygyny tanadypdyr. Şondan soň Abdylla hez retleri bu keramatadüşünipdir we behişdi bedewleriň ýanynda elmydama Hydyr atanyň gezýändigine göz ýetiripdir.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Hallalyk kyssalary».

Indiki makala

GOŇŞY BAHASY

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR