GOŇŞY BAHASY

     Abdylla ibn Mübäregiň bir jöhit goňşusy bolupdyr. Ol çagalaryndan öňürti ýaňky jöhide nahar dadyrar eken. Çagalaryndan öňürti, ony geýindirer eken. Günleriň birinde bu ýerden howly edinmek isleýänleriň biri jöhidiň ýanyna gelip, jaýyny satmagy teklip edipdir. Jöhit: «Öýüm, howlym iki müň dinara durýar. Müň dinar onuň hakyky gymmaty. Müň dinar bolsa gowy goňşymyň barlygy üçin» diýipdir.

     Müşderi bu sözlere ör-gökden gelipdir: «Biz-ä jaýyň bahasynyň üstüne goňşy hakynyň urulýandygyny heniz eşidemzok» diýipdir. Emma jöhit pikirinden dänmejegini ýaňzydypdyr. Bu sözleri eşiden Abdylla ibn Mübärek jöhit goňşusyna ýagşy dilegler edipdir. Oňa öňküsindenem has gowy seredipdir.

Rahmet GYLYJOW,

«Hallalyk kyssalary»

Öňki makala

HYDYR GÖREN BEDEW

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR