Günleriň birinde halyf Mugtasym özüniň aýratyn hormat goý ýan türkmen weziri Hakanyň öýüne barypdyr. Howluda ýedi ýaşlyja Feth oýnap ýören ekeni. Halyf Mugtasym Fethiň ýanyna baryp: «Hany sen aýt, emiriň öýümi ýa-da öz howlyňyz – haýsysy has gowy?» diýip sorapdyr. Kiçijik Feth säginmändir: «Emir biziň howlymyzdaka has gowy». Halyf Mugtasymyň kiçijik Fethiň bu dilewarlygyna göwni göterilipdir. Ony ýene gürletmek isläpdir. Barmagyndaky gymmatbaha gaşly ýüzügini görkezip: «Heý-de dünýäde şundan ajaýyp zady görüpmidiň?» diýip sorapdyr. Fethiň jogaby nagt bolupdyr: «Hawa görüpdim. Şol ýüzügi dakynýan barmaklar ondan has ajaýypdyr». Halyf Mugtasym näme diýjegini bilmändir.
Rahmet GYLYJOW,
«Hallalyk kyssalary»