WATAN KÜÝSEGI

     Gadym döwürlerde goňşy ýurtlaryň bir hökümdary awa-şikara çykypdyr. Bir keýigi yzarlap barşyna ýoldaşlaryndan aýra düşüp, azaşypdyr. Ýurduň çäginden daşlaşanyny, türkmen illerine aralaşanyny duýmandyr. Surnugan atyna dem-dynç bermek üçin golaýdaky çarwa düşelgesinde düşläpdir. Mazaly özüni dürsäpdir. Hökümdaryň ol çarwa türkmen bilen gepi-sözi alşypdyr, juda göwnüne ýarapdyr.

     Ony öz ýany bilen alyp gitjekdigini, uly wezipeler we engamlar, gymmatbaha halatlar we serpaýlar berjekdigini aýdypdyr. Çarwa hernäçe boýun towlasa-da, hökümdar onuň «ýoguna» bakman, ýany bilen öz ýurduna alyp gidipdir. Özünden gowy iýdiripdir, özünden gowy geýdiripdir. Emma çarwa türkmeniň ýüzi açylyp gidibermändir. Müň tilsimli darbazlar, hokgabazlar oýun görkezipdir, çarwanyň ýüzünde bir ýylgyryş peýda bolmandyr. Hökümdar ahyry onuň öz ilini ýiti küýseýändigini bilipdir, emma çarwa dostuny gözüniň alnyndan gideresi gelmändir. Köşgüň tanymal ymaratçylaryny, binagärlerini çagyryp, çarwanyň ýaşaýan ýeriniň – dogduk iliniň çyzgysyny, suratyny çekip getirmegi we şonuň esasynda edil şoňa meňzäp duran ýaşaýyş mähellesini bina etmegi buýrupdyr. Buýruk kemsiz ýerine ýetirilipdir. Hökümdar çarwany ýanyna alyp, täze mesgenlere aýlanmaga çykypdyr. Çarwa türkmen haýran galypdyr: jaýlaram, baglaram – ähli zat edil öz ilin däki ýaly, topragy bilen göçürilip getirilen kysmy diýýär. Çarwa bu meňzeşlige birsellem haýran galyjylyk bilen seredipdir, ýöne göwni açylmandyr. Sebäbi jaýynda-bagynda müň meňzeşlik, ýüz artykmaç lyk tapsaňam, ol seniň Watanyň däl ahyry, iliňdäki aja ýyp adamlary göçürip getiräýeňde näme, ýeri onuň müň derde melhem howasyny niçiksi alyp gaýtjak? Ahyry bolmajagyna gözi ýetensoň, hökümdar çarwa dostuny öz iline ugradypdyr.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Hallalyk kyssalary»

Indiki makala

SALGYM

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR