GADYMY SENET — MÜDIMI SENET

     Şöhratly pederlerimiziň iň kämil derejede ösdürip ýetişdiren halk senetçiliginiň bir görnüşi-de zergärçilik sungatydyr. Bu ajaýyp sungat gözbaşyny müňýyllyklaryň dowamyndan alyp gaýtmak bilen has-da kämilleşdirilip, inçe sungat derejesine çenli ösdürilipdir. Häzirki döwürde gelin-gyzlarymyzyň dakýan milli şaý-sepleri bu beýik sungatyň ajaýyp eserleri hökmünde arzylanýar. Türkmen zergärleri öz kärleriniň hakyky eýesi bolmak bilen, ýiti duýgularyny, kalbynyň owazyny öz işlerine ussatlyk bilen siňdirmegi başarýarlar. Halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanýan, çeperçilik taýdan kämil edilip ýasalýan kümüş şaý-seplerimiz milli toýlarymyzda gelin-gyzlarymyzyň gözelligine aýratyn öwüşgin çaýýar.

     Mährem zenanlarymyzyň hemmesiniň diýen ýaly gündelik dakynýan şaý-sepleriniň biri-de gülýaka. Gülýaka gelin-gyzlaryň köýnekleriniň ýakasyna dakynýan, tegelek görnüşli ýüzüne gaşlar oturdylan şaý. Onuň ululy-kiçili, şelpeli we şelpesiz görnüşleri bar. Zergärlerimiz şeýle hem gülýakalaryň ýüzüni dürli nagyşlar bilen bezeýärler. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň iň köp dakynýan şaý-sepleriniň biri-de bilezikdir. Bilezik köpräk kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne hakyk daşyndan uly gaşlar oturdylýar. Setir edilip oturdylan gaşlaryň arasyna «çybyk», «bugdaý» nagyşlary sünnälenilýär. Olar aýallaryň bilegine aýratyn gözellik çaýýar.

     Tumar zenanlaryň boýnundan asylýan ululy-kiçili ýokarsy üçburç görnüşli, aşagy bezegli, zynjyrly, şelpeli nepis şaý. Bu şaý-sep esasan hem hakyk gaşlary, milli nagyşlar bilen haşamlanýar. Tumaryň uly, has nepis edilip ýasalan görnüşlerini esasan hem ýaşy bir çene baran aýallar dakynýarlar. Aýal-gyzlar tarapyndan iň köp ulanylýan şaý-sepleriň biri-de — apbasy. Ol zenan köýneginiň ýakasynyň gutaran ýerinden dakylýan gönjügiň iki ýanyna birnäçe setir edilip dakynylýan bezeg şaýydyr. Apbasynyň ýüzüne gaşy oturdylan ýa-da oturdylmadyk, gyzyl çaýylan ýa-da çaýylmadyk görnüşleri bolýar. Apbasy setirleýin edilip düzülip, aýratyn gözelligi emele getirýär.

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY