EDEBIŇ ÝAGŞYSY...

     Adamyň ýaşamagy üçin jemgyýet, jemgyýetiň ýaşamagy üçin döwlet zerurdyr. Döwletiň ösüşi bolsa, hünärine ökde, giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenlere, edep-terbiýeli şahsyýetlere bagly bolup durýar. Jelaleddin Rumy edebi ynsan bedenindäki ruha meňzedipdir. Edepli kişi jemgyýetiň bezegidir.

     Edep-terbiýe ynsany janly-jandardan tapawutlandyrýan gymmatlykdyr. Terbiýe mekdebi müňýyllyklardan gözbaş alýan halkymyz perzentleriniň edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmegini ähli zatdan ileri tutupdyr. Pederlerimiz çagany heniz enesiniň göwresinde wagty terbiýeläp başlapdyrlar. Ata-babalarymyz hamyla gelniň edýän ähli hereketleriniň çaganyň ösüşine täsir edýändigine ynanypdyrlar. Türkmen halkynyň aňyrdan gelýän bu ýol-ýörelgeleriniň, ynançlarynyň dogrudygyny soňky ýyllaryň dowamynda geçirilýän ylmy barlaglar hem doly tassyklaýar.

     Edep-terbiýe babatda türkmeniň örän binýady bekden we düýpden tutulan mekdebi bar. Geçmişde halkymyz ady dünýä ýaň salan döwletleri, hanlyklary, soltanlyklary berk gurnalan düzgün-tertibiň esasynda döredipdirler. Keý-Kowus öz ogly Gilanşaha sargyt hem-de öwütnama hökmünde ýazan «Kowusnama» kitabynda: «Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir» diýip belleýär. Azym-azym döwletleri guran milletimiz çagalaryna hemişe akyl-paýhasy, terbiýe-edebi miras galdyrmaga çalşypdyr. Olar çagalaryny heniz oglanlygyndan ussat halypalara şägirtlige berip, edep kadalaryny, dürli hünärleri öwredipdirler. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserinde şeýle setirler bar:

― Dahy ussadyňa dik-dik gözleme,

Biedep sözler olara sözleme.

     Paýhasly atalarymyz çagalarynyň hem beden taýdan, hem akyl tarapdan güýçli bolmagyna aýratyn üns beripdirler. Çünki döwleti goramak we dolandyrmak üçin hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler gerek bolupdyr. Şoňa görä-de taryhda ençeme atabeglik mekdepleri döräpdir.

     «Gorkut ata» şadessanynda: «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz» diýen pähim bar. Bu dana jümleler ogul-gyzyň ahlakly, zähmetsöýer, dogruçyl, adamkärçilikli, hoşniýetli bolup ýetişmeginde ene-atanyň täsiriniň uludygyny äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» kitabynda: «Perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek, ilkinji nobatda ene-atanyň borjy bolup durýar» diýip bellemegi hem Gorkut atanyň sözleriniň şu günki günde-de türkmen jemgyýetinde özüniň gymmatyny ýitirmeýändiginden nyşandyr.

     «Külli türkmen balasyny men söýermen ili bilen» diýip halkyny janyndan eý gören Görogly begiň hereketlerinde watansöýüjilik edebiniň ýokary derejesini görmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy babatdaky aladalary, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik baradaky öwüt-ündewleri ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde bolup hyzmat edýär.

     Adamyň öz-özüne baha bermegi ýaly asylly endigi kämillige tarap ýol açýar. Hakyky durmuş bilen ýaşaýan adam öz edýän işleriniň ählisinden doly hoşal bolup bilmeýär, mydama kämillige ymtylýar. Çünki şeýle adam ol ýa-da beýleki işi ýerine ýetirip bilmändigi üçin aladalanýar. Ahlaklylyk, edeplilik, halallyk ýaly düşünjeler kämil şahsyýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir. Halallyk bu adamyň ahlak we hukuk ýörelgeleri boýunça ýaşamagydyr.

     Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz zähmetsöýerligi, halal zähmet çekmegi jemgyýetçilik ýaşaýşynyň esasy hökmünde ündäpdir. Eli hünärli adamlara, hünär öwredýän ussat halypalara we hünär öwrenmäge yhlas edýän kişilere hemişe hormat goýlupdyr. Halkymyz durmuşa ornaşan däp-dessurlar, uzak ýyllaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçip gelýän önümçilik tejribeleri we bular bilen bagly nakyllar arkaly çagalarynda zähmet çekmäge bolan höwesi döretmegi başarypdyr. Adamyň we jemgyýetiň ösüşinde halal zähmetiň wajyp orny bardyr.

     Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Enesini razy eden il-ulusyny hem razy edýär, iliň ynamyny gazanýar» diýip jaýdar belleýär. Halkymyzyň edebiň netijesi ýagşy ahlakdyr diýen dana pähimi onuň asylly durmuş tejribesini şöhlelendirýär. Adamkärçiligiň mizan terezisi hökmünde gadym döwürlerden hyzmat edip gelen salamlaşmak edebi, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler adamkärçiligiň kada-kanunlaryny, medeniýeti, edep-ekramy özleşdirmegiň başlangyjy bolup çykyş edipdir. Hut şonuň üçin bolsa gerek, pähimdar pederlerimiz «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Edip beren ýeňňemden edep beren ýeňňem gowy», «Edep başy – salam» diýen ýaly ýüzlerçe dana sözleri döredipdirler.

     Adamy maşgala, mekdep we jemgyýet terbiýeleýär. Şahsyýetiň ýokary ahlak derejesi jemgyýetiň sagdynlygynyň alamaty bolup durýar. Jemgyýet hemişe adamlaryň hereketleri boýunça ýagşyny we ýamany saýgarmagy başarypdyr. Edepli çaga hemişe uly-kiçiniň gözünde bolýar. Edepli gyzyň hyrydary kän bolsa, terbiýeli ýigitler jemgyýetimiziň göz-guwanjydyr.

     Gadym zamanlarda bir köpügören dana ýaşapdyr. Günleriň birinde dananyň ýanyna bir gelin gelip, oglunyň gandy kän iýýändigini, süýjiniň çagasynyň saglygyna zelel ýetirmeginden ätiýaç edýändigini we munuň üçin näme alaç etjegini bilmeýändigini aýdypdyr. Ussat gelne ýene-de bir hepdeden gelmegini tabşyrypdyr. Hepde aýlanandan soň gelin ogluny alyp, dananyň gapysyndan ätläpdir. Şonda goja oglanjyga garap: «Oglum, gant iýme!» diýipdir. Bu ýagdaýa geň galan zenan dananyň bu sözleri nämüçin bir hepde mundan owal aýtmandygyny soranda, dana: «Bir hepde öň meniň özüm hem gant iýýärdim» diýip jogap beripdir. Ynha, pederlerimiziň görelde mekdebi. Kämil şahsyýeti ýetişdirmek üznüksiz zähmeti, irginsizligi, sabyrlylygy talap edýär.

     Adamlaryň jemgyỳetde özüni alyp baryşlaryny kadalaşdyrỳan, olaryň bähbitlerini we gyzyklanmalaryny aňladỳan, umumy häsiỳetdäki ahlak we hukuk kadalary, däp-dessurlary, edim-gylymlary özünde jemleýän düzgünler jemgyýetiň durmuş kadalaryny emele getirýär. Bilşimiz ýaly, hukuk kadalary jemgyýetçilik tertibiniň möhüm bölegi bolup, hukuk tertibini üpjün edýär. Jemgyýet ahlak kadalary adamyň özüni jemgyýetiň garaýyşlaryna laýyk alyp barmagynyň etiki, ynsanperwer kadalary bolup durýar. Her bir adam durmuş kadalarynyň toplumyny ylym-bilim bilen sazlaşykda özleşdirip, kämil şahsyýet hökmünde jemgyýetçilik ösüşine goşant goşýar we döwletimiz üçin wajyp bolan «adam maýasy» diýen görkezijini esaslandyrýar.

     Bilermenleriň nygtamagyna görä, haçan-da döwlet tarapyndan kabul edilýän hukuk kadalar jemgyýete ornaşyp, halkyň ruhy dünýäsinde orun alsa, däp-dessura öwrülen ahlak kadalar adamyň hukuk medeniýetiniň esasy görkezijileriniň biri hökmünde ykrar edilse, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky sazlaşyk berkeýär. Şeýle ýagdaýlar milli ahlak ýörelgeleriň we hukugyň amal edilmeginiň iň kämil görnüşini şöhlelendirýär. Hukuk kadalar bilen ahlak kadalary şol jemgyýetiň her bir agzasynyň şahsy asylly häsiýetini bahalandyrýan asylly ýol-ýörelgesi bolup durýar.

     Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Edebiň ýagşyny ulyny syla» diýen setirleri nakyla öwrülip şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly ýagşy hüý-häsiýetler asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ýagşy gylyklardyr. Umuman, türkmen halkymyzda ýazylmadyk kada-kanunlar terbiýe mekdebiniň üsti bilen nesillere ýetirilipdir. Bu bolsa kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde aýratyn täsire eýedir. Kämil şahsyýetler kämil jemgyýeti emele getirýär. Bu gün ýurdumyzda kämil jemgyýeti kemala getirmek, ýaşlaryň ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Ynsan ömrüni uzaltmak üçin, bag ýetişdirýär. Has uzak geljegi nazarlaýan akylly ynsan bolsa, nesil daragtynyň kämil boý almagy üçin ençeme aladalary edýär. Edepli-ekramly nesiller bagtyýar şu günümizdir we nurana geljegimizdir.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

 

Welimyrat ÖWEZOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY