Türkmen halkynyň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan taryhy örän gadymy bolup, türkmeniň milli oýunlary nesilden-nesle geçip, asyrlarboýy dowam edip gelmek bilen, çagalar üçin diňe bir güýmenje bolmak bilen çäklenmän, olary durmuşa taýýarlaýan özboluşly sapaklar bolup durýar. Milli oýunlarymyz beden, akyl, zähmet terbiýesini berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen milli oýunlary bolan “düzzüm”, “küşt”, “bäşdaş”, “gözdaňdy”, “ýaglyga towusdy”, “aşyratdy”, “içýanagyz”, “aýterek-günterek’, “kyrk kesek”, “eldegirdi”, “molla-sopy”, “patyşa-wezir”, “keçe-keçe”, “ýüzük bukdy”, “çeke-çeke”, “gizlenpeçek”, “gurt we çopan”, “daş zyňmak”, “çiş”, “ak süňk”, “gyzyl taýak”, “güýç synanyşmak”, “don tutdy” ýaly oýunlar çagalarda watansöýüjilik, mertlik, synçylyk, çalasynlyk, ugurtapyjylyk, durmuşda döräp biljek islendik kynçylykda ejizlemezlik, dogumlylyk, ulyny sylamak, kiçini söýmek, halallyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Milli oýunlar we olaryň düzgünleri hakynda gyzykly maglumatlar ertekilerde, halk rowaýatlarynda dessanlarda giňden beýan edilýär.
Milli oýunlarymyz türkmen halkynyň geçmişde nähili ruhy ahwalatlary ýaran edinendiklerini ýüze çykarmaga, buýsançly taryhymyzy tutuş süňňümiz bilen duýmaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň medeniýeti” atly ajaýyp eserinde: “Oýunlaryň ynsanyň beden we ruhy sazlaşygy üçin ähmiýeti uludyr. Her bir oýun adamda duýgurlygyň, çeýeligiň, deňagramlylygyň, güýjüň hem-de paýhasyň kemala gelmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, milli oýunlar diňe bir türkmen taryhynyň bir bölegi bolman, eýsem, türkmen milli medeniýetiniň hem aýrylmaz bölegi bolup durýar” diýip belleýär.
Milli oýunlarymyz ýaş nesilleriň, şeýle-de, olar bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky adamlaryň bedenini berkidýär, ukyp-başarnygyny artdyrýar. Şol sebäpli hem, häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli oýunlaryna gaýtadan üns berilmeginiň özi-de, sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda edilýän aladalardan gelip çykýar.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.