Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi ― biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ensiklopedik kitaby, «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary bu ugurda bize ýolgörkeziji şamçyragdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gurlup ulanylmaga berlen Arkadag şäheri bolsa behişdi bedewlerimiziň mekanydyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu dabaralar ýokarda aýdanlarymyzyň dogrudygyny ýene bir gezek aňryýany bilen subut etdi.
Ahalteke bedewi dünýäniň iň gözel tebigatly şertleriniň birinde ― Köpetdagyň eteginde kemala gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen bu ýerde Arkadag şäheri guruldy, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ol ýerde dünýäde ýeke-täk Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem döredildi. Akademiýada atçylyk ulgamynda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek, täze taryhy eýýamda pudagy ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle-de täze şäherde enjamlaşdyrylyşy halkara ülňülerine doly laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi guruldy. Bu şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem halkyň hyzmatynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şähere barýarkaň ahalteke bedewleriniň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere, «Ak han» binasyna akylyň haýran galýar.
Ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Ýurdumyzda bedewleri ösdürip ýetişdirmek we olary seýislemek bilen meşgullanýan, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän atlaryň nesil ugruny mynasyp dowam etdirýän ussat atşynaslar, seýisler sarpalanylýar. Bu asylly däpler häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykarylýar, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen atşynaslygynyň bu ugurdaky halkara tagallalara goşulyşmagy bolsa bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagynda, dünýä atçylygynda Türkmenistanyň öňdäki orunlarda ykrar edilmeginde ähmiýetli ädim bolup durýar. Şunda döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag hem-de seçgiçilik işleriniň alnyp barylmagyny, bu işlerde dünýä tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini, milli atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi ahalteke bedewleriniň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge, olaryň şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Eziz Diýarymyzda, şol sanda Arkadag şäherinde atşynaslar uly hormat-sarpa bilen gurşalandyr. Şeýle ussat atşynaslaryň biri ussat seýis, zehinli atşynas-seçgiçi hökmünde tanalýan meşhur Aba Annaýewdir. Türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmäge, onuň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmäge, ady rowaýata öwrülen ahalteke tohum atlaryny gorap saklamak we kämilleşdirmek işine uly goşant goşan Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlary uludyr. Ol ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanylmagynda tagallalaryny gaýgyrmandyr. Merdana ata-babalarymyz täsin, ynsana mahsus duýgurlygy, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýan atlaryň seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegine hemişe uly üns beripdirler. Olar ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirip, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy geljek nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen atşynaslary bilen birlikde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary, talyplary, Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri häzirki döwürde bu işi mynasyp dowam etdirýärler.
Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalary häzirki wagtda öz oňyn netijesini berýär. Ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory, tejribeli, ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, döredijilikli işi arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek ýörelgeleriniň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna ugurdaş düzümiň kemala getirilmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini dünýä ýaýmaga ýardam etdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize taýçanak sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan bu taýçanagyň ady Ylham bolsun!» diýdi. Döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän asylly däbe eýerip, täze doglan Ylham atly taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Indi Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Ahalteke türkmen bedewleriniň at-abraýyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Röwşen ŞYHBERDIÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň
1-nji ýyl talyby.