Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat halk maslahatynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini wagyz etmek maksat edinildi.
Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, täze taryhy döwrümizde döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleridir. Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky Karary öňdäki möhüm çärä taýýarlyk işlerine özboluşly badalga berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyndan gelip çykýan wezipeleri, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmek jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.
Işjeňlikde geçen maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.