SPORT — SAGDYNLYK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sport mekdebinde «Sport — sagdynlyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirilip, oňa ýaş türgenler işjeň gatnaşdylar.

     Ýaşlaryň ähli babatda sazlaşykly ösmegini gazanmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda ata Watanymyzda ýaşlaryň uly alada bilen gurşalandygy, olaryň ýokary aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegi, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagy üçin giň şertleriň döredilendigi, şol ajaýyp şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda aýratyn gürrüň edildi.

     Duşuşyga gatnaşanlar ösüşlere beslenen döwrümizde sportuň ösüşine uly üns berýän, ata Watanymyzy sagdynlygyň mekanyna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Zübeýda GURTÝAZOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA