Şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky» Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşi tarapyndan etrabymyzyň çäginde wagyz-nesihat işlerine giň orun berildi. Şeýle wagyz-nesihat maslahatlarynyň biri-de Babadaýhan dokma toplumynyň mejlisler jaýynda dokmaçy işçi-hünärmenleriň, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň arasynda geçirildi.
Maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şatlykly wakalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy wakalaryň üstüni ýetirjekdigini buýsanç bilen nygtadylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň durmmuşyndaky jemgyýetçilik-syýasy we taryhy ähmiýeti barada aýdylanlar has-da uly gyzyklanma döretdi.
Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Leýli BEGENJOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.