TÜRKMEN SAZANDALARY WENADAKY «ONE FUTURE» FESTIWALYNDA ALTYN BAÝRAGA MYNASYP BOLDULAR

     25-28-nji iýul aralygynda Wenada «One Future» World Orchestra Festival» Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary çykyş etdiler. Festiwal 40 ýurtdan gelen saz toparlaryny bir ýere jemledi.

     Bäsleşikli çykyşlar «MuTh.» konsert zalynda geçirildi. Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary tarapyndan Awstriýanyň paýtagtynda dünýä klassikleriniň saz eserleri ýerine ýetirildi, şeýle hem dutardaky sazlar ýaňlandy.

     Festiwal maksatnamasyna dünýäniň iň meşhur aýdym-saz uniwersitetlerinden biri bolan Wenadaky Saz we ýerine ýetiriş sungaty uniwersitetinde guralan ussatlyk sapaklary hem girdi.

     Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary tarapyndan Awstriýanyň paýtagtynda dünýä klassikleriniň saz eserleri ýerine ýetirildi, şeýle hem dutardaky sazlar ýaňlandy.

     Bütindünýä festiwaly Wenanyň filarmoniýa orkestriniň her ýyl bütin dünýä ýaýradylýan meşhur Täze ýyl konsertiniň ýaýlyma berilýän ýeri bolan «Muzikfereaýn» Altyn zalynda geçirilen gala konserti bilen tamamlandy.

     Türkmen orkestri hem bu ajaýyp sahnada çykyş edip, ussatlygy bilen awstriýalylary we halkara myhmanlary ýene-de geň galdyrmagy başardy we festiwalyň altyn baýragyna mynasyp boldy.

 

HHM