«ARKADAGLY ÝAŞLAR» ŽURNALYNYŇ TÄZE SANY OKYJYLARA ÝETIRILDI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredijilik topary bu elektron neşiriň ýedinji sanyny okyjylar köpçüligine hödürledi.

     Arkadagly ýaşlar özleriniň söýgüli neşiriniň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda «Ady dünýä dolan beýik Pyragy» atly makalada bolsa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iýul aýynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran sapary we onuň netijeleri barada gürrüň edilýän makalany okap bilerler.

     Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen Pariž Olimpiadasyna gatnaşýan sport žurnalistiniň Fransiýanyň paýtagtyndan taýýarlap ugradan makalasy neşirde dessine öz ornuny tapypdyr. Indiki makala Türkmenistanyň ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň döredijilik festiwalyna gatnaşmagynyň dowamyndaky wakalary beýan edýär. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan ilkinji makala Internet giňişliginiň sanýetmez mümkinçiliklerine bagyşlanypdyr. Bu pikir «Emeli aň» ― adamzat aňynyň kämil önümi» atly täsirli makalada hem dowam etdirilýär.

     Nobatdaky makalada akyldar şahyryň paýhas hazynasy öz beýanyny tapýan bolsa, «Bir wakanyň üç žanrdaky beýany» atly makala meşhur Aýal bagşy ýordumy barada gyzykly maglumatlary paýlaşýar.

     Däp bolşy ýaly, elektron žurnal täze sanynda hem okyjylaryna ýaş döredijileriň birnäçesiniň täze ýazan şygyrlaryny hödürleýär.

     «Azyk howpsuzlygy ― döwrüň talaby» atly makalanyň awtory ýurdumyzyň bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky gadamlaryna üns çekipdir.

     Neşiriň täze sanyny žurnalyň «Türkmenmetbugat» web-saýtyndaky we onuň mobil goşundysyndaky ýörite sahypasyndan ýükläp bilersiňiz.

 

TDH

Meňzeş habarlar