Kitap – bilimleriň açarydyr. Ol adama dogry ýoly görkezýän dostdur. Kitaplar biziň durmuşymyzda aýratyn uly orna eýedir. Kitaplar adama diňe bir gerekli maglumatlary bermek bilen çäklenmän, onuň içki dünýäsini hem baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” atly ajaýyp kitabynda şeýle diýilýär: “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap okaýanyň ruhy baý”. Kitap okamagyň ummasyz köp peýdalary bardyr.
Häzirki wagtda psihologlar we alymlar kitap okamagyň artykmaçlyklary üçin azyndan 6 sebäbi görkezýärler:
1. Kitap okaýan adamyň uly sözlük gory bolýar. Sebäbi kitap okanyňda, gündelik durmuşda ulanylmaýan sözlere duş gelinýär. Bu sözüň manysyny sözlükden gözlemek hökman däl, sebäbi sözüň manysy kitabyň umumy mazmunynda gelýär. Şeýlelik bilen, okamak diňe bir söz baýlygyňy ýokarlandyrman, eýsem adamyň bilimini hem artdyrýar.
2. Okamak beýleki adamlar bilen gowy aragatnaşyk saklamaga kömek edýär. Ýagny, kitap okaýan adam öz pikirini owadan, aýdyň we anyk beýan etmäge mümkinçilik alýar. Nusgawy edebiýaty okandan soň, okyjy özüniň söz sungatynyň ösendigine göz ýetirip bilýär. Şeýlelik bilen, adam gowy gürleşip hem-de adamlarda gowy täsir galdyryp biler.
3. Okamak adamy batyr edýär. Kitap okaýan adamyň özüne bolan ynamy has artýar. Sebäbi durmuşda ähli ýerde adama onuň alan bilimleri köp kömek edýär.
4. Okamak tolgunmany peseldýär, ünsüňi jemlemäge kömek edýär. Kitabyň tekstiniň baýlygy we ritmi rahatlandyryjy, tolgunmany ýeňilleşdiriji, özüne çekiji häsiýete eýe bolýar.
5. Pikirlenmek ukybynyň ösüşi – okamagyň iň täsirli häsiýetidir. Kitap okamagyň netijesinde adamlarda ýat, özbaşdak we döredijilikli pikirlenmek ukyplary ösýär.
6. Grammatiki sowadyňy we beýan ediş ukyplaryňy ösdürýär. Okamak diňe söz baýlygyňy ösdürmän, eýsem adamyň grammatiki sowadyny hem artdyrýar. Okyjy okaýan kitabyndaky sözleriň ýazuw kadasyna laýyk ýazylyşyny, sözlemleriň özara baglanyşygyny öwrenip bilýär.
Şamyrat PIRMÄDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.