«EMELI AŇ» — ADAMZAT AŇYNYŇ KÄMIL ÖNÜMI

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, kämil bilim almagy hem-de zähmet çekmegi üçin zerur tagallalar durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi,  sanly tehnologiýalaryň hem-de innowasion usullaryň giň gerimde ornaşdyrylmagy ylym, bilim, ykdysadyýet, oba hojalyk, saglygy goraýyşy, medeniýet we senagat pudaklarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.

     Häzirki wagtda yzygiderli ösýän we kämilleşýän tehnologiýalaryň durmuşymyza tiz ornaşýandygyny we dünýämizi düýpgöter özgerdýändigini, barha döwrebaplaşdyrýandygyny aýdyň duýýarys. Şol sebäpli hem soňky wagtlar adamzat durmuşyny tehnologiýalar göz öňüne getirmek hem kyn. Tehnologiýalar we «akylly» tilsimatlar ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Sanly we innowasion tehnologiýalar ýaşaýyş-durmuş terzimize amatlylyk, tizlik we rahatlyk bagyşlaýar.

     Adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan “emeli intellekt”, ýagny “emeli aň” tehnologiýalary  ylymda we durmuşymyzda uly öwrülişik döretdi. Adam öz döreden tehnologiýalary bilen hyýaly zatlary hakykata öwürýändigine şaýat bolýarys. Ynsan öz hyzmatlary üçin kompýuterleri döredip başlandan soň, emeli aň hakyndaky pikirlere has içgin aralaşyldy. Sanly ulgam we maglumat zamanasynda tehnologiki ulgamlar tarapyndan meseleleri seljermeklige, özbaşdak çözmeklige, netije çykarmaklyga talaplar güýçlendi.

     «Emeli aň» adamzadyň dünýä akyl ýetirip başlan döwründen başlap häzirki wagta çenli toplanan maglumatlara, ylmyň soňky gazananlaryna daýanyp, olary seljermäge, netije çykarmaga hem-de tehnologiýalardyr robot tehnikalary dolandyrmaga ukyplydyr. Gysgaça aýdanyňda, «emeli aň» adamyň beýnisini we pikirleniş ulgamyny tehnologiýalara ornaşdyrmak hökmünde kesgitlenip bilner. Ylmy taýdan «emeli aň» düşünjesi ilkinji gezek 1956-njy ýylda geçirilen ylmy maslahatda iňlisçe «artificial intelligence» (AI) görnüşde ylmy köpçülige ýetirilipdir we şondan soňra bu barada alymlar uly gyzyklanma bildirip başlapdyrlar.

     «Emeli aň» indi hyýaly pikir bolman, ol bizi hemme ýerde gurşap alan ösen tehnologiýalaryň bir bölegi bolup durýar. Ol kyn meseleleriň çözgüdini tapýar we uly möçberli maglumatlary ýokary tizlikde işläp bilýär. Meselem: internet torlarynda siz wideolary, makalalary, habarlary okaýarsyňyz, görýärsiňiz ýa-da okaman-görmän başga sahypalara geçýärsiňiz ýa-da halanyňyza bellik edýärsiňiz, bu hereketleriňiz «emeli aňyň» esasynda seljerilýär. Netijede siziň entäk görmedik, ýöne göräýjek wideolaryňyzyň, makalalaryňyzyň, habarlaryňyzyň sanawy düzülýär. Bu amallary «emeli aň» siziň gyzyklanýan zatlaryňyzy öwrenip, size hödürleýär. Häzirki wagtda banklarda, maliýe kärhanalarda müşderä karz bermek meselesini «emeli aň» çözýär. Müşderiniň ähli maliýe ýagdaýyny, şol wagta çenli geçiren maliýe amallaryny seljerip, «emeli aň» müşderä «karz bermeli» ýa-da «bermeli däl» diýen çözgüt çykarýar. Lukmançylykda adamyň insult geçirmek howpuny öňünden bilip, onuň wagtynda öňüni almagy başaryp bilýän ulgam ulanylýar. Uly azyk-haryt söwda merkezlerinde seljerme esasynda amatly wagtda harytlaryň arzanladyş wagty kesgitlenilýär. Şeýle hem «emeli aň» birnäçe ýyllyk satyş maglumatlaryny seljerýär. Öndürilmeli önümiň mukdaryny hasaplaýar. «Emeli aň» ulgamy bir ýyllyk hasaplamalar, işiň ösüşi, indiki ýyl üçin meýilnama taýýarlaýar. «Emeli aň» arkaly enjamlar eýesiniň sesini tanaýar we berlen soraga jogap berýär. Şeýle mysallara näçe ýüzlenseň ýüzlenibermeli.

     Anyk delillere salgylansak «OpenAI» kompaniýasy tarapyndan döredilen «ChatGPT» atly «emeli aň» ulanyjynyň diňe soragyna jogap bermek bilen çäklenmän, örän zehinli dost, halypa, maslahatçy kimin tekst görnüşinde kämil jogap bermek arkaly gürrüňdeş bolýar. Şeýle hem onuň kitaplary gysgaça beýan etmek, dil öwrenmekde aňsat usullary we yzygiderliligi kesgitlemek, işewürlikde dogry maslahatlary bermek, wideolaryň mazmunyny beýan etmek ýaly birgiden ukyplary bar. «Jasper» atly emeli aň bolsa makala ýazmaga ukyply bolup, bu ulgam arkaly kitap, gazet-žurnal, internetdäki jemgyýetçilik torlary, websaýtlar üçin islendik mowzukda çykyş, makala ýazmak mümkinçiligi döredilendir. Munuň üçin diňe makalanyň esasy mazmunyny, we göwrümini kesgitlemek ýeterlik. «Be my eyes» programma kameranyň obýektiwine düşen zatlar, adamlar hakynda ähli maglumatlary beýan etmäge ukyplydyr. Şeýlelik-de görmek ukyby bolmadyk adamlar başga birine mätäç bolmazdan, programmanyň kömegi bilen öňlerinden çykýan zadyň nämedigine düşünmäge mümkinçilik alýarlar.

     Durmuşymyza ýuwaş-ýuwaşdan aralaşýan «emeli aň» gysga wagtyň içinde köp zady ýeňilleşdirdi we häzirki wagtda hem ýeňilleşdirmegini dowam edýär. Sanly ulgamyň işjeň durmuşymyza ornaşýan döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýaşlara öwretmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak işleri döwrebap derejede ýola goýulýar. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilýän tehnikadyr tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýän ýaşlarymyz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýarlar.

 

Begmuhammet MEREDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam

we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri.

 

Arkadagly Ýaşlar” atly elektron

žurnalynyň 7/2024 sany.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY