TÜRKMEN MEKDEP OKUWÇYLARY AÇYK HALKARA ASTRONOMIÝA OLIMPIADASYNA GATNAŞMAGA ÇAGYRYLÝAR

     15-nji sentýabrdan 22-nji sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň «Sirius» federal çäklerinde açyk halkara astronomiýa olimpiadasy (OWAO-2024) geçiriler. Onuň geçiriljekdigi barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy yglan etdi.

     Olimpiada gatnaşmaga ähli ýurtlaryň wekilleri 4-6 adamdan ybarat toparlarda dürli ýaşdaky (18 ýaşa çenli) mekdep okuwçylar çagyrylýar. Her ýurda diňe bir topar wekilçilik edip biler, toparyň ýany bilen iki ýolbaşçy we iki synçy gatnaşyp biler.

     Olimpiada dört tapgyrdan – nazary, amaly, syn ediş hem-de blis-tapgyrdan ybarat bolar.

     Olimpiada gatnaşyjylara gyzykly ýumuşlar taýýarlanyldy, şol ýumuşlary taýýarlamagyň üstünde dürli ýurtlaryň wekillerinden ybarat bolan Akademiki topar işledi. Ýumuşlar iňlis dilinde berler. Şundan ugur alnyp, toparlaryň ýolbaşçylaryna terjime üçin adalgalaryň sözlügi öňünden berilýär. Ýumuşlar işlenilen wagtynda, çärä gatnaşyjylaryň ählisi adalgalaryň iňlis dilinden degişli milli diller boýunça sözlüklere eýe bolarlar, şol sözlüklerden olimpiadanyň hemme tapgyrlarynda peýdalanyp bolar. Sözlükleriň göwrümi ýumuşlary ýerine ýetirmek hem-de çözgütleri beýan etmek üçin olimpiada gatnaşyjylara zerur bolan sözleriň we adalgalaryň 100–300-sinden ybaratdyr.

     «Siriusyň» myhmanlary üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy, ol umumy okuwlary, ussatlyk-sapaklaryny we gezelençleri öz içine alýar.

     Toparlara gatnaşyjylaryň we olaryň ýolbaşçylarynyň ýaşamagyny we iýmitlenmegini kabul ediji tarap – «Sirius» federal çägi üpjün edýär. Synçylaryň gatnaşmagy guramaçylyk tölegleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

     OWAO-2024-e gatnaşmak isleýänler olimpiadanyň resmi saýtynda 10-njy awgusta çenli bellige alynmalydyrlar. Şeýle hem saýtda olimpiadanyň geçirilişine degişli giňişleýin maglumat ýerleşdirilendir.

     OWAO – astronomiýanyň iň gowy däplerini ýygnan hem-de dünýäniň ähli künjeginden ajaýyp ders sapaklarynyň hünärmenlerini bir ýere jemlän ýaş olimpiada.

     Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde «Sirius» federal çäkleri hem-de «Zehin we üstünlik» diýen gazna olimpiadanyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.

 

turkmenistan.gov.tm