Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanasynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Gyzykly ertekiler dünýäsine syýahat» temasynda sowal-jogap bäsleşigini gurady.
Çärede çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli adamlar bolup ýetişmeklerine we beden taýdan ösüşine, milli gymmatlyklardyr ýörelgeler esasynda terbiýelenmegine uly üns berilýändigini bellediler. Halk döredijiliginiň we milli mirasyň gyzykly bölegi hökmünde ertekileriň ähmiýeti uludyr. Halk ertekilerinde ýaltalyk, hannaslyk, gorkaklyk, açgözlük, ululary sylamazlyk we beýleki ýaramaz gylyklar ýazgarylýar.
Şol bir wagtyň özünde halk ertekilerinde dilewarlyk, ugurtapyjylyk, batyrgaýlyk, sahylyk, adalatlylyk öwülýär, olarda ýagşynyň ýamandan rüstemligi hakda gürrüň berilýär. Ertekilerde halkyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary beýan edilýär. Çäräniň dowamynda «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda türkmen halk ertekilerini bilmekde bäsleşik geçirildi. Onuň netijesi boýunça türkmen halk ertekileri boýunça sowallaryň köpüsine jogap beren ökde okuwçylar tapawutlandyryldy.
turkmenistan.gov.tm