HALK MASLAHATY — ASYLLY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematograflýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýiymynyň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň geçen 33 ýyla golaý döwründe berkarar Watanymyzda bolup geçen taryhy özgertmeler, üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik taslamalar, döwletli başlangyçlar barada gürrüň edip, ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde,  jemgyýetimiziň jebisligini gazanmakda Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň möhüm orny dogrusyndaky söhbete aýratyn ünsi çekdiler. Çykyş edenler şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleriň jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, bu umumymilli forumyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.

Şöhbetdeşlige gatnaşanlar öňde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky taýsyz tagallalarynyň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

 

Mesgengylyç NURGYLYJOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA