«KIM ÇALASYN?!» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk»  teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri»  çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde  «Kim çalasyn?!» ady bilen sportuň hereketli oýunlar görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

     Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar ýaryşa uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar sporta bolan söýgüsini, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini, erjelligini özleriniň bäsleşigiň şertleri esasyndaky çykyşlarynda aýdyň ýüze çykardylar. Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşyň netijesinde «Laçyn» topary ýeňiş gazandy. Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Annamuhammet GULOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA