Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris. Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak alnyp barylýan giň möçberli işler, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmagyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berdiler.
«Özgerişlere beslenen Berkarar Watanym» atly söhbetdeşlik duşuşygyna gatnaşanlar bu gün milli demokratiýany dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdyler.
Begenç ÖWEZOW.
TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.