GELDI (Musabba)

Bu gün ylham joşgun alyp, sözlerim zybana geldi,

Pyragyň arzuw eýläni –  ajap bir zamana geldi,

Bagtymyzyň döwlet guşy, bu Türkmenistana geldi,

At-abraýy äleme dolup, şöhrat hem şana geldi,

Dünýäniň çar künjeginden dostlarmyz salama geldi,

Adalat ak ýola düşüp, işlermiz sogaba geldi,

Ýeňişler ýeňşi döredýär, sowulmaz dowama geldi.

 

Halk — bagtyýar, ýurt — berkarar, maksatlar ýetdi myrada,

Türkmenistanyň ösüşi esas bolýar depgin –  bada,

Dost-doganlygyň mekany boldy ýurdum ýakyn-ýada,

Ynsanperwer ýörelgeler ata-babalardan kada,

Pyragyň ata Watany baky mekan şan-şöhrada,

Döwletimiz daýanýandyr berkden tutulan binýada,

Ýüpek ýollarmyz dünýäň çar künjüne rowana geldi.

 

Magtymgulymyzyň ady düşdi bu gün ilden-ile,

Şygyrlary okalýandyr ýüzläp ýola, müňläp ýola,

Çagyrýandyr hak işlere, adalata, ýagşy päle,

Iň naýbaşy mekdepdir ol aňy hem-de kalby päge,

Jahanda hiç taýy ýokdur, öwrülendir ýeke-täge,

Öwrülendir ebedilik parlap durjak ruhy Tuga,

Onuň anyk jogaplary ähli kyn sowala  geldi.

 

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz,

Size alkyşlar tükenmez, artyp gitsin şöhradyňyz,

Siziň bilen beýge galdy bu gün abraýmyz-adymyz,

Magtymgulyň şygyrlaryn bütin dünýäge ýaýdyňyz,

Ony milli buýsançlaryň iň naýbaşysy saýdyňyz,

Beýiklere sarpa goýup, ykballara nur çaýdyňyz,

Pederleň şöhratly ýoly bakylyk – dowama geldi.

 

Zyýada ÝUSUBOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 91 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 715 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER