ÝAŞLAR WOLEÝBOLDA BÄSLEŞDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda «Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr» ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan ýaryşa 2011—2012-nji ýyllarda doglan ýaşlar gatnaşyp, özaralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Galkynyş» topary birinji, «Ýançeşme» topary ikinji, «Arkaç» topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji bolan toparlara ýaryşy guraýjylar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA