Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy» ady bilen maslahat geçirildi.
Berkarar Watanymyzyň beýik ösüşlerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen maslahatda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, dürli ugurlarda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler barada gürrüň etdiler. Türkmeniň döwleti dolandyrmakdaky asylly ýol-ýörelgeleriniň häzirki taryhy döwrümizde dowamat dowam bolýandygy, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetiniň uludygy hakda aýdylanlar has-da täsirli boldy.
Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynda üstünlikleriň hemişe ýaran bolmagyny arzuw etdiler.
Jeýhun SAPARGULYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.