Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramagynda etrap Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nsihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler bu gün ýurdumyzda gelin-gyzlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy ugrunda giň şertler döredilendigini belläp, oňa gatnaşan ýaşlara maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, agraslyk ýaly asyrlarboýy türkmen zenanynyň süňňüne siňen gözel häsiýetleri ündediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar zenanlaryň zähmeti, durmuşy we dynç almagy, olaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmagy ugrunda döredýän giň şertleri üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.